Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bakuwda RT telekanalynyň Ruptly bölümine degişli žurnalist tussag edildi


Ruptly – Kremle tarapdar RT telekanalynyň wideo-agentligidir.
Ruptly – Kremle tarapdar RT telekanalynyň wideo-agentligidir.

Bakuwda Kremle tarapdar “Sputnik Azerbaýjan” redaksiýasynyň ofisinde geçirilen gözleg wagtynda wideo ýazgy eden, RT telekanalynyň Ruptly wideo-agentliginiň žurnalisti Aýtekin Guseýnowa tussag edildi. Bu barada agentligiň özi, žurnalistiň ejesine salgylanyp habar berdi. Tussag edilmäniň sebäpleri aýdylmaýar.

30-njy iýunda irden “Sputnik Azerbaýjan” neşiriniň redaksiýasynda gözleg geçirildi. Azerbaýjanyň Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, neşiriň akkreditasiýasy heniz fewral aýynda togtadylan bolsa-da, redaksiýa “bikanun maliýeleşdirme” arkaly işini dowam etdiripdir.

Gözlegden soň neşiriň baş redaktory Igor Kartawy we baş redaktoryň orunbasary Ýewgeniý Belousow hem tussag edildi. Azerbaýjanyň metbugatyna görä, olaryň Russiýanyň Federal Howpsuzlyk Gullugy (FSB) bilen baglydygy aýdylýar, ýöne bu maglumat resmi taýdan entek tassyklanmady.

“Sputnik Azerbaýjan” redaksiýasynyň ofisinde geçirilen gözleg Baku bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklaryň dartgynlaşan döwründe bolup geçdi. Bu ýagdaýlar Russiýanyň Ýekaterinburg şäherinde 2000-nji ýyllaryň başynda bolan jenaýatlar bilen baglylykda birnäçe azerbaýjanlynyň adam öldürmekde we oňa synanyşyk etmekde güman edilip saklanylmagynyň yzýany ýüze çykdy. Operasiýa wagtynda iki adam öldi. Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň Derňew komiteti olaryň ölüminiň ýagdaýlaryny seljerýär.

XS
SM
MD
LG