1-nji iýulda Ukrainanyň Dnipropetrowsk oblastynyň häkimiýetleri Russiýanyň sebitiň Kamenskoý etrabyna raketa bilen zarba urandygyny aýtdy. Hüjümde ýangynyň dörändigini, ölenleriň we ýaralananlaryň bardygy bellenilýär. Bu barada sebitiň harby adminstrasiýasynyň başlygy Serhiý Lysak telegram-kanalynda aýtdy. Onuň sözlerine görä, pidalaryň sany anyklanylýar.
Russiýanyň güýçleri Dnipro garşy raketalar we dronlar bilen dowamly zarba urýarlar.
Nikolaýew oblastynyň harby adminstrasiýasynyň başlygy Nikolaý Kim 1-nji iýulda irdenki hüjümiň netijesinde bir adamyň ölendigini, biriniň hem ýaralanandygyny mälim etdi.
Ukrainanyň Howa güýçleriniň 1-nji iýulda irden beren maglumatyna görä, öten agşamyň dowamynda ukrain güýçleri Russiýanyň atan 52 dronunyň 47-sini ýok edipdir.