Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belgradda bolan çaknyşyklar arasynda, polisiýa protestçileriň guran barrikadalaryny aýyrýar


Belgrad. Serp protestçilerini dargadaýan polisiýa işgärleri.
Belgrad. Serp protestçilerini dargadaýan polisiýa işgärleri.

Serb polisiýasy Belgradda studentleriň ýolbaşçylygynda, biraz öň tutulan egindeşleriniň boşadylmagyny talap edip, ýollary, köprüleri baglan müňlerçe protestçiniň guran barrikkadalaryny aýryp, köçeleri arassalamaga başlady.

Polisiýanyň 30-njy iýunda geçiren operasiýasy protestçileriň aşa artyk, ýowuz güýç ulanylandygy baradaky aýyplamalarynyň arasyna gabat geldi, häkimiýetler özleriniň "ýokary professionallyk” bilen hereket edýändiklerini aýdyp, aýyplamalary ret etdiler. Arassalaýyş operasiýasy wagtynda tussag edilenleriň sany aýan edilmedi.

Studentleriň ýolbaşçylygyndaky demonstrantlar paýtagt Belgradyň hemme ýerinde demir haýatlary, hapa çeleklerini ulanyp, barrikada gurdular, Sawa derýasynyň üstünden geçýän esasy geçelgäni, şäheriň Gazelle köprüsini beklediler.

Habar gulluklary demirgazyk Nowi Sad şäherinde, hökümete garşy demonstrasiýalaryň sekiz aý mundan ozal başlanan ýerinde protestçileriň binanyň içine ýumurtga zyňyp, Wuçiçiň dolandyryjy Serb Ösüş Partiýasynyň (SNS) ofislerini gabawa alandyklaryny habar berdi.

Talyp guramaçylary tarapyndan döredilen web sahypada paýtagtda 30 nokatda barrikada gurlandygy we şuňa meňzeş çäreleriň Serbiýanyň azyndan 22 şäherinde görülýändigi aýdylýar.

Hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri 28-nji iýunda Belgradda geçirilen köpçülikleýin ýörişe gatnaşyjylary tussag edip başlanyndan soň, talyplaryň ýolbaşçylygyndaky protestler hasam güýçlendi.

Wuçiç hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň “ýene-de köp adamy tussag etjekdigini” aýtdy.

Hökümete garşy protestçiler 29-njy iýun güni giçlik köçelere dolanyp geldiler we ilkinji gijede tussag edilen onlarça adamyň boşadylmagyny talap etdiler.

"Olaryň tussag edilenleri boşatmagy gerek. Hökümetiň ýaşlara çemeleşişi, gör, nähili erbet. Biz talyplaryň talap edişleri ýaly, erkin ýurtda ýaşamak isleýäris" diýip, Gordana Ataljanc Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

"Biz häkimiýetleri öz işlerini edip başlamaga çagyrýarys. Zorlukda hakykatdanam günäkär bolanlary tussag etmekleri üçin... Düýn gije adamlary ýençdiler, kimdir birini tutdular" diýip, Milan Antonijewiç Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň žurnalisti golaýdaky Wozdowagyň ýaşaýjylary tarapyndan gurnalan çärede ýüzlerçe adamyň Belgradyň Awtokomanda etrabynda ýerleşýän esasy çatrygy petikländigini habar berdi.

Belgraddaky hukuk fakultetiniň talyby Sanja Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda "kanuny, tertipli döwlet ugrundaky göreşi" dowam etdirmek üçin gelendigini aýtdy.

Prokurorlar tussaglaryň paýtagt Belgradda eden zorlukly hereketleri we polisiýa edilen hüjüm sebäpli 48 sagada çenli tussaglykda saklanýandyklaryny aýtdylar. Olaryň maglumatyna görä, bu adamlar takmynan 140,000 adamyň gatnaşan, studentler tarapyndan gurnalan ptotest çäresi wagtynda saklandy.

Soňky sekiz aýyň dowamynda müňlerçe serb, köplenç talyp toparlarynyň ýolbaşçylygynda, barha köp adamyň goşulmagynda köçelere çykyp, Wuçige we onuň hökümetine garşy protest bildirdi.

1-nji noýabrda 16 adamyň ölmegine sebäp bolan betbagtçylyk, Nowi Sad demir ýol menziliniň üçeginiň çökmegi ýurduň soňky döwürde ýadynda galan iň uly nägilelik hereketine sebäp boldy.

Protestçiler bu betbagtçylygyň resmi korrupsiýa we başarnyksyzlyk sebäpli ýüze çykandygyny öňe sürdüler we demonstrasiýalar ulalyp, 5 ýyllyk möhleti 2027-nji ýylda tamamlanmaly Wuçiçe garşy has kän gahar-gazap bildirilmegine alyp geldi.

Ol 2017-nji ýyldan bäri prezident bolup, üç ýyl öň premýer-ministr bolupdy.

Parlament saýlawlary indiki ýylyň ahyrynda meýilleşdirilýär.

Wuçiç we onuň hökümeti korrupsiýa baradaky aýyplamalary ret edip, Nowi Sad wakasynyň derňelýändigini, derňewlerde on töweregi resminiň tussag edilendigini aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG